Ýokary okuw mekdebimizde talyplary «QR-Face elektron hasabat» ulgamy arkaly hasaba almak ýola goýulýar
826Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Maglumat tehnologiýalary fakultetiniň talyplary bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň alymlary bilelikde «QR-Face elektron hasabat» programmasyny işläp taýýarladylar.
«QR-Face elektron hasabat» programmasy islendik ulgamda, ýagny okuwçylaryň we talyplaryň, şeýle-de dürli pudaklaýyn edaralarda zähmet çekýän işgäleriň «QR code» hem-de şol bir wagtda kamera arkaly ýüz tanamagyň netijesinde giriş-çykyş wagtlarynyň elektron hasabatyny bellige almak üçin ulanylýar.
Bu programma ondan peýdalanýanlara şu hili mümkinçilikleri ýetirip bilýär:
• QR code hem-de ýüzden tanamak arkaly hasaba almak;
• Hasaba alynan işgäriň giriş-çykyş wagtyny bellemek;
• Edaranyň ýolbaşçylaryna ähli işgärler barada elektron maglumat bermek;
• Her günki hasabat boýunça gelen we gelmedikleri aýratynlykda görmek;
• Umumy hasbaty ýöretmek (islendik wagta çenli arhiwde saklamak).
Häzirki wagtda «QR-Face elektron hasabat» ulgamy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ulanylýar.