Magtymguly adyndaky TDU-da ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary geçirilýär

1037

Şu günler Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyryş (HDÝ) okuwlary geçirilýär.
Bu okuwlaryň diňleýjileri hökmünde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň (Mary şäheri), Türkmen oba hojalyk institutynyň (Daşoguz şäheri) we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat şäherindäki bölüminiň mugallymlary hünär derejelerini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler.
Magtymguly adyndaky TDU-da geçirilýän okuw sapaklarynda ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary häzirki zaman pedagogikanyň möhüm wezipeleri hem-de olary çözmegiň ýollary, şeýle-de innowasion usullary we okatmagyň döwrebap tehnologiýalary bilen tanyşdyrylýar. Mundan başga-da, tehniki ugurly ýokary okuw mekdeplerinde geçilýän okuw sapaklaryna laýyklykda, senagatda ýüze çykyp bilýän möhüm meseleleri maslahatlaşmak maksady bilen, ekologiýa sapaklary hem geçirilýär.

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30