“Sanly özgertmeler we bilimiň geljegi” atly Bütindünýä bilim maslahaty geçirildi

597

13-14-nji fewral aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde “Sanly özgertmeler we bilimiň geljegi” atly gibrid görnüşdäki Bütindünýä bilim maslahaty geçirildi. Iki günläp dowam eden bu köpçülikleýin ylym-bilim maksatly çäre HHR-iň Bilim ministrligi bilen ÝUNESKO-nyň işleri baradaky milli topary tarapyndan guraldy.
Maslahata gatnaşmak üçin dürli ýurtlardan jemi 800 töweregi wekil çagyryldy. Olaryň hatarynda ÝUNESKO-nyň agza döwletleriniň bilim ministrleriniň, ylmy-barlag institutlaryň, daşary ýurtlaryň HHR-de akkreditirlenen diplomatik gulluklarynyň, şeýle-de ýokary okuw mekdepleriň wekilleriniň bardygyny bellemek bolar. Bilim maslahatyna beýleki gatnaşyjylar bilen birlikde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary hem gatnaşmak bilen, ylym-bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylyşy, ony dolandyrmak we okatmagyň häzirki zaman usulyýetleri hem-de tehnologiýalary barada pikir alyşdylar.
“Sanly özgertmeler we bilimiň geljegi” atly maslahatyň dowamynda häzirki zaman bilim ulgamynyň kämilleşdirilişi, bu ugurdaky döwrebap tendensiýalar, sanly bilimiň şertleriniň ornaşdyrylyşy, mugallymlaryň we talyplaryň sanly sowatlylygyny ýokarlandyrmak, orta bilimi, orta hünär bilimi, ýokary hünär bilimi ösdürmek bilen bagly işleri alyp barmak dogrusynda çykyşlar edildi.

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30