Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp hepdelik geçirilýär
129013-nji fewralda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetinde türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Türkmen dili we Magtymgulynyň dili” atly hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy.
Fakultetde türkmeniň ak öýi gurnalyp, özboluşly sergide bolsa milli gymmatlyklarymyz ýaýbaňlandyryldy. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň rus, iňlis, arap dillerine terjime edilen nusgalarynyň, şahyryň döredijiligini öwrenmäge ýardam edýän kitaplaryň we nakgaşlyk eserleriniň, şeýle-de žurnalistika hünäri we onuň öwrenilişi bilen giňden tanyşmaga mümkinçilik berýän özbaşdak sergi burçunyň ýerleşdirilmegi hepdeligiň çärelerine gatnaşmaga gelen talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy.
Hepdeligiň dowamynda talyplaryň arasynda surat çekmek, düzme we diktant ýazmak, zehin sowallaryna jogap bermek ýaly bäsleşikler meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda hepdeligiň meýilnamasyna laýyklykda, Magtymguly Pyragynyň eserleriniň many-mazmunyny öwrenmek, aýdyma öwrülen şygyrlary ýerine ýetirmek ýaly çärelere badalga berildi. Şular bilen birlikde, ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen nepis keşdeçilik sungatynyň eserlerini amal etmek bilen baglanyşykly fakultetiň gelin-gyzlarynyň arasynda bäsleşikler guralýar.
Bäsleşikli çäreleriň guralmagy talyp ýaşlaryň öz zehinini, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge we öz saýlap alan hünärlerine bolan söýgüsini has-da artdyryp, olary täze üstünliklere hyjuwlandyrmaga ýardam berýär.
Güljahan ABDYÝEWA,
Žurnalistika hünäriniň 2-nji ýyl talyby.