Uniwersitetimizde internet žurnalistikasy boýunça sapaklar geçirilýär
1115Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda halkara habarlar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de bu ugurda dünýä tejribesini öwrenmek bilen bagly öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, “Internet žurnalistikasy we sosial media” atly ýöriteleşme dersi boýunça okuw sapagy geçilip başlandy.
Täze dersiň girizilmeginiň maksady žurnalistika hünäriniň nazaryýetiniň öwrenilişiniň häzirki tapgyrynda iň bir netijeli köpçülikleýin habar beriş serişdesi bolan internet habarlar saýtlarynyň we elektron neşirleriň işini giňişleýin öwrenmekden ybaratdyr.
Ýöriteleşme dersiň maksatnamasyna laýyklykda, žurnalistika hünärinde okaýan talyp ýaşlara hormatly Prezidentimiziň döredip berýän şertleri we mümkinçilikleri esasynda kämilleşdirilýän internet ulgamynyň aýratynlyklary, internet žurnalistiniň wezipeleri we başarnyklary öwredilýär. Okuw sapaklarynyň mazmuny talyplaryň habarlar web saýtlary üçin täzelikleri, makalalary, dürli hili bildiriş tekstlerini, gysga maglumatlary, fotoreportažlary we beýleki žanrlardaky materiallary taýýarlamagyna ýardam edýär.
Ýeri gelende bellesek, žurnalistika hünäriniň talyplarynyň daşary ýurtly bilermen žurnalistleriň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän sanly žurnalistika we onuň dolandyrylyşy bilen bagly onlaýn okuw sapaklaryna yzygiderli gatnaşmaklary dünýä tejribesiniň ähmiýetli ugurlaryny öwrenmeklerine ýol açýar.
Internet žurnalistikasy sapaklarynyň ýokary amatlykly enjamlaşdyrylan okuw otaglarynda geçilmegi ilkinji nobatda nazaryýetde öwrenilenleri amal etmäge, şeýle-de kompýuter sowatlylygyny kämilleşdirmäge, ýetirilýän maglumatlary interaktiw usulda öwrenip özleşdirmäge hem-de internet ulgamynyň köp sanly platformalaryny birbada sazlaşykly öwrenmäge oňaýly şert bolup durýar.