Türkmenistanda ÝUNESKO kafedralaryny döretmek baradaky ikitaraplaýyn şertnamalara gol çekildi
80916-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň çäginde ÝUNESKO kafedralaryny döretmek baradaky ikitaraplaýyn resminamalara gol çekişmegiň resmi dabarasy geçirildi.
Bu resmi çärä Türkmenistanyň DIM-niň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Magtymguly adyndaky TDU-nyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň rektorlary, ÝUNESKO-nyň işi boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň ýolbaşçy wekilleri gatnaşdy.
Gol çekişlik dabarasyny Türkmenistanyň Fransiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň ÝUNESKO-daky hemişelik wekili M.Çaryýew açdy. Şeýle hem, çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Bilim ministri G.Ataýewa, ÝUNESKO-nyň baş direktorynyň orunbasary hanym Stefania Jannini we ÝUNESKO-nyň işi boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň Jogapkär sekretary Ç.Rüstemowa çykyş etdi. Çykyş edenler Türkmenistanda ÝUNESKO-nyň ilkinji kafedralarynyň açylmagynyň ähmiýetini nygtap geçdiler.
Netijede, Magtymguly adyndaky TDU-nyň rektory B.Orazdurdyýewa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege» ÝUNESKO kafedrasyny döretmek baradaky ylalaşyga, şeýle-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rektory G.Muhammedow «Durnukly ösüşiň bähbidine ekologiýa bilimi» ÝUNESKO kafedrasyny döretmek baradaky Ylalaşyga gol çekdiler.
Häzirki wagtda 117 döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň şeýle kafedralaryny birleşdirýän ÝUNESKO UNITWIN kafedralarynyň tory, olara ylym we bilim pudagynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, halkara möçberde milli tejribesini paýlaşmaga, aýratyn-da halkyň milli gymmatlaryklaryny adamzat mirasynyň sanawyna girizmäge giňden mümkinçilik berýär.