ÝUNESKO kafedrasy açyldy

1050

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, hormatly Prezidentimiziň döwlet baştutanlygynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedrasyny döretmek we birnäçe umumybilim berýän mekdepleri ÝUNESKO-nyň mekdepler assosiasiýasyna girizmek bilen baglanyşykly guwandyryjy işler amala aşyrylýar. Şeýle beýik başlangyçdan ugur alnyp, şu gün – 18-nji fewralda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege» ÝUNESKO kafedrasynyň açylyş dabarasy geçirildi.
Täze kafedrany döretmek bilen baglanyşyklylykda uniwersitetimiziň M.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersiteti, Ýerewan döwlet uniwersiteti, Baku döwlet uniwersiteti, L.N.Gumilýow adyndaky milli Ýewraziýa uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary netijesinde, bu iri bilim ojaklaryndan we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginden, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginden, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinden we Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutyndan goldaw hatlary alyndy. «Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, Ylym we Medeniýet meseleleri boýunça Guramasynyň arasyndaky Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetindäki ÝUNESKO-nyň Medeni miras: geçmişden geljege kafedrasy bilen baglanyşykly» Ylalaşyk baglaşyldy.
Ýokary okuw mekdebimizde bu kafedranyň döredilmeginiň maksady umumadamzat tarapyndan döredilen medeni mirasy, däp-dessurlary içgin öwrenmek, taryhy we medeni mirasy gorap saklamak, wagyz-nesihat etmek, kanuny-hukuk esaslaryny hem-de gerek bolan usuly serişdelerini kämilleşdirmek arkaly, ýaş ylmy-gözlegçileriň mümkinçiliklerini, olaryň ylmy-gözleg işlerini giňeltmek bilen ÝUNESKO, onuň kafedralary we UNITWIN torlary bilen degişli maksatnamalar we çäreler boýunça ýakyn hyzmatdaşlygy saklamakdan ybaratdyr.
Eziz Diýarymyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralarynyň döredilmeginiň türkmen ylym-bilimini döwrebap dünýä derejesinde ýaýmaga mümkinçilik berjekdigini ynamly aýdyp bileris. Kafedranyň türkmen medeniýetini we sungatyny dabaralandyrmakda  uly ähmiýetiniň boljakdygyna ynanýarys.

Gurbanmyrat SARYÝEW,
žurnalistika hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30