Uniwersitetimizde sergi hepdeligi geçirildi

972

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna taýýarlyk çäreleriniň çäginde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetinde sergi hepdeligi geçirildi. 
Ýokary guramaçylykly geçen sergide Magtymguly Pyragynyň golýazma eserleriniň nusgalary, şahyryň dürli ýyllarda neşir edilen kitaplary, şeýle-de nakgaşlyk eserleri görkezildi. Bulardan başga-da, sergide akyldar şahyr bilen bir döwürde ýaşap geçen ýazyjy-şahyrlaryň döredijilik eserlerine-de giň orun berildi. Görkezilen milli şaý-sepler sergi eserleri bilen tanyş bolmaga gelen talyp ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi.
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna taýýarlyk çäreleriniň çägindäki sergä uniwersitetimiziň dürli fakultetleriniň talyplary işjeň gatnaşdylar. Ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlarydyr talyplary serginiň özlerinde galdyran täsiri dogrusynda ýurdumyzyň teleradioýaýymlaryna mowzuklaýyn tegelek stoluň başyndaky gepleşikleri hem ýazgy etdiler.

Ogulgurban NURGELDIÝEWA,
žurnalistika hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30