“Talyp gözeli - 2023” — uniwersitetimiziň talyby

1408

3-nji martda Aşgabat şäherindäki «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde 8-nji mart — Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Bilim ministrliginiň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirilýän «Talyp gözeli — 2023» atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolmagy başaran talyp gyzlaryň 21-isi gatnaşdy.
Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, oňa gatnaşýan talyp gözeller birinji şert boýunça türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, özleriniň sungata, döredijilige bolan ukyplaryny aýdymdyr goşgy, sahna çykyşlaryny ýerine ýetirmek bilen açyp görkezdiler. 
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Bereketli türkmen saçagy» kitabyndan ugur alyp, talyp gözeller bäsleşigiň ikinji şertine laýyklykda, türkmen milli tagamy bolan unaş kesmek boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler.
Gözellik bäsleşiginiň üçünji şerti «Hünärim bar — hormatym bar» diýlip atlandyrylyp, onda talyp gözeller türkmeniň keşdeçilik sungatyndan söz açyp, özleriniň ukyp başarnyklaryny keşde çekmek arkaly açyp görkezdiler.
Gyzgalaňly geçen bu bäsleşikde eminler toparynyň gelen netijesine görä, «Talyp gözeli — 2023» bäsleşiginiň ýeňijisi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň žurnalistika hünäriniň 2-nji ýyl talyby Güneş Maksadowa Baş baýraga mynasyp boldy.

Gülnar GELDIMYRADOWA,
žurnalistika hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30