Döwür. Ýaşlar. Döredijilik.

829

1-nji aprelde  Erkin döredijilik mekanynda «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy halypa žurnalistleriň, ýazyjydyr şahyrlaryň, gazet-žurnallaryň redaksiýalarynyň işgärleriniň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika hünärinde bilim alýan talyplaryň we bu ugra ýakyndan gyzyklanma bildirýän ýaşlaryň gatnaşmagynda duşuşyk geçirdi. Oňa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň žurnalsitika hünäriniň talyplary hem işjeň gatnaşdylar.
Ösüşiň täze tapgyrynda Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda giň gözýetimli, ösen tejribeli, başarjaň nesli kemala getirmek döwrüň möhüm wezipelerinden biri hökmünde kesgitlenildi. Şunda hormatly Prezidentimiziň ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, medeniýet ulgamynda başarjaň hünärmenleri, zehinli žurnalistleri ýetişdirmek baradaky tabşyryklaryndan we sargytlaryndan ugur alyp, şeýle-de 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň ýanynda döredilen Ýaşlaryň döredijilik birleşmesiniň hem möhüm ähmiýeti bardyr. Bu döredijilik birleşmesiniň esasy maksady, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde çeper döredijilik bilen gyzyklanýan ýaşlaryň, ýokary okuw mekdeplerinde žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyplaryň, gazet-žurnallarda zähmet çekýän ýaş žurnalistleriň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmekden, olaryň ukyp-başarnyklarynyň ösmegine ýardam bermekden hem-de bu ugurda halypa-şägirtlik ýörelgesini dowam etdirmekden ybaratdyr. Birleşmäniň duşuşyklarynda häzirki döwrüň žurnalistikanyň öňünde goýýan wezipeleri we olary ýerine ýetirmegiň usullary, milli metbugatyň taryhy we şu güni, görnükli žurnalistleriň terjimehallary we döredijiligi, metbugat hem sanly žurnalistikanyň aýratynlyklary, žanrlary, olardan baş çykarmagyň ýollary barada söhbet ediler, halypalaryň maslahatlary diňleniler, sowal-jogap alşylar. Şeýle hem duşuşyklarda dörediji ýaşlaryň işlerine syn-seljerme bermek göz öňünde tutulýar.
Ýaşlaryň döredijilik birleşmesiniň ilkinji duşuşygy milli žurnalistikamyzda we çeper edebiýatymyzda ýaş döredijileriň täze neslini kemala getirmek, olaryň ukyp-başarnyklaryny, bilimlerini kämilleşdirmek ýaly möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmakda, bu ugurda täze teklipleri, başlangyçlary orta atmakda örän ähmiýetli boldy. Duşuşykda, ilki bilen, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi Gözel Şagulyýewa ýaşlaryň döredijilik birleşmesiniň döredilmeginiň Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň şanly ýylda öňde goýan maksatlaryny we wezipelerini durmuşa geçirmekde möhüm ädim bolandygyny aýdyp, onuň işine üstünlik arzuw etdi.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýew, Türkmenistanyň at gazanan žurnalistleri Döwrangeldi Agalyýew, Amanbibi Muhammedowa we köp ýyllardan bäri ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň redaksiýalarynda göreldeli zähmet çekip gelýän Myrat Rejebow, Süleýman Ilamanow, Keýik Umarowa ýaly halypa žurnalistleriň çykyşlary diňlenildi. Edebi şahsyýetleriň nusgalyk ömürlerinden ýatlamalar, döredijilik adamlarynyň durmuşyndan öwrenerlikli ýagdaýlar, ýaş žurnalistiň, şahyryň, ýazyjynyň kämillige ýetmeginde zerur bolan bilimleri, häsiýetleri, başarnyklary baradaky maslahatlar çykyşlaryň täsirliligini has-da artdyrdy. Hususan-da, häzirki döwrüň ýaşlarynyň döredijiligi, olaryň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän tutumly işleri, iri taslamalary, halkyň bolelin hem bagtyýar durmuşyny, beýik özgertmeleri, zähmet adamyny wasp edýän, täze döwrüň ruhuna kybap, çuň mazmunly, çeper beýan etmelere baý bolan kämil eserleri döretmekdäki üstünlikleri, şowly synanyşyklary hakynda pikir-garaýyşlar beýan edildi.
Çykyşlaryň dowamynda döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň hem birnäçesine söz berildi. Olar ata Watanymyzyň abadan, parahat durmuşyny wasp etmegiň, guwandyryjy wakalary, täzelikleri halk köpçüligine ýetirmegiň özleri üçin uly bagt, belent jogapkärçilikdigini nygtamak bilen, türkmen ýaşlaryna zerur şertleriň, giň mümkinçilikleriň döredilýändigine alkyşlaryny beýan etdiler.

«Türkmen uniwersiteti».

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30