Sagdyn durmuş ýörelgesine bagyşlanyp dabaraly çäre guraldy

636

4-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň fizika fakultetiniň ilkinji partiýa guramasy tarapyndan “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly we Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Garaşsyz Diýaryň sagdyn nesli – Berkarar Watanyň şu güni we ertiri” atly dabaraly çäre geçirildi.
Dabaraly çärede çykyş eden mugallymlar, talyp ýaşlar we talyplar saglyk öýüniň lukmany Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar syýasatynyň esasynda kämil, sagdyn nesli kemala getirmekde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň şahsy göreldelerine eýerip, sport we köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmagyň ähmiýetini belläp, “Bilim hakynda”, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda”, “Bedenterbiýe we sport hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň, “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň”, “Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň” we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýaş nesli watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde we ylymly-bilimli, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ýaşlary kemala getirmekdäki ornuny nygtadylar. 
Çäräniň dowamynda uniwersitetiň “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkeziniň aýdymçylary tarapyndan Arkadagly Serdarymyzy, Garaşsyz Watanymyzy, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny” wasp edýän aýdymlar ýerine ýetirildi. Şeýle-de, çäre bilen ugurdaş Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň sergisi guraldy.

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30