“Maşgala terbiýesi kämil nesliň binýadydyr”
59024-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ilkinji zenanlar guramasy bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda maşgala mukaddesligini we milletiň enesi Ogulabat ejäniň keşdeçilik döredijiligini wasp etmek maksady bilen, Zenanlar birleşiginiň işjeň agzalary – ak saçly we köp çagaly eneleriň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işgärleriniň, paýtagtymyzda ýerleşýän orta mekdepleriň zenan mugallymlarynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň zenan mugallymlarynyň we talyp gelin-gyzlarynyň gatnaşmagynda “Maşgala terbiýesi kämil nesliň binýadydyr” atly maslahat geçirildi.
Maslahatda çykyş eden Zenanlar birleşiginiň işjeň agzalary bolan ak saçly we köp çagaly eneler, Döwlet kitaphanasynyň zenan işgärleri, zenan mugallymlar we talyp gyzlar maşgala mukaddesligi, zenan mertebesi, gyz-gelin edebi, maşgala we onda çaga terbiýesi, türkmen zenanlarynyň el işleriniň häsiýetli aýratynlyklary, türkmen zenanynyň maşgaladaky orny barada aýdyp geçdiler. Hususan-da, Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly kitabynda Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň keşbiniň çeper beýany we onuň gyz-gelinler üçin görelde we nusgalyk mekdep bolup durýandygy dogrusynda täsirli çykyşlar edildi.
Maslahatyň dowamynda talyplar tarapyndan türkmen şahyrlarynyň enelerimizi we gelin-gyzlarymyzy wasp edýän goşgularyndan çeper okaýyş boldy.
Maslahat bilen ugurdaş Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň we milli amaly-haşam sungatynyň sergisi guraldy.