Türkmen bedewlerine bagyşlanan surat bäsleşigi
127629-njy aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa fakultetinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli talyplaryň öz çeken suratlary esasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi.
Fakultetiň okuw binasynyň foýesinde her topardan hödürlenen suratlaryň sergisi guraldy. Dabarasy dünýä dolan, şöhratly bedewlerimiziň natýurmort we tebigat goýnundadyr çapuw ýodasyndaky, aýlawdaky, konkur bäsleşigindäki şekilleri, at esbaplarynyň taslamalary bäsleşige hödürlenen işlerde öz beýanyny tapypdyr.
Bäsleşikde emin agzalarynyň beren bahalary arkaly iň kämil şekillendiriş sungaty eserleri ýeňiji diýlip kesgitlenildi. Ýeňijiler degişli fakultetiň dekanlygy tarapyndan Hormat hatlary we uniwersitetiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy.