«Magtymguly, öwüt bergin söz bile» atly diktant bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň netijeleri yglan edildi

2632

Ozal hem habar berşimiz ýaly, 28-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda yglan edilen «Magtymguly, öwüt bergin söz bile» atly diktant bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Uniwersitetiň himiýa fakultetiniň okuw binasynda geçirilen bäsleşikde ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinden 90-a golaý gatnaşyjynyň içinden ýazuw sowatlylygy boýunça tapawutlanýan talyplaryň ençemesi öňe saýlandy.
Diktant bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşan talyplaryň görkezen netijeleri:

I orun:

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyby Meredowa Nurana;
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyby Hajymämmedowa Gurbanbagt;

II orun:

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Körpäýewa Dünýägözel;
Hydyr Derýayew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyby Allanowa Aýgül;
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Öwezowa Jahantäç;

III orun:

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Amanmuradowa Maýsa;
Mary şäherindäki Jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň talyby Saryýewa Aýgül;
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň talyby Pakyrowa Merjen;
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby Ýegenmämmedowa Gülsenem.

Diktant bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda höweslendiriji baýraklara mynasyp bolan talyplar:

1.Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Ýazweliýew Atamyrat;
2.Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Şyhynýazowa Merýem;
3.Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Mämmetweliýewa Jennet;
4.Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Durdymämmedowa Aýsoltan;
5.Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Ataýewa Aýgül;
6.Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby Arazgylyjowa Kümüş;
7.Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby Begenjowa Enegül;
8.Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby Ýagşymyradowa Aýşat;
9.Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyby Nuryýewa Güljemal;
10.Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyby Annamyradowa Annaşeker;
11.Aşgabat şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby Begliýewa Ogulnar;
12.Aşgabat şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby Saryýewa Gerek
13.Aşgabat şäherindäki Demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň talyby Orazowa Ogulgözel Orazgulyýewna
14.Mary şäherindäki Jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň talyby Tawus Ýazgeldiýewa.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30