Sanly ulgam – täzelenişiň we döredijilikli ösüşiň binýady
10343-nji maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň maglumat tehnologiýalary hem-de matematika fakultetleriniň ilkinji partiýa guramalarynyň we uniwersitetiň Ýaş alymlar we hünärmenler geňeşiniň bilelikde guramagynda «Berkarar Watanymyzda sanly ulgam – täzelenişiň we döredijilikli ösüşiň binýady» atly ylmy-usuly maslahat geçirildi.
Ylmy-usuly maslahatda çykyş eden mugallymlar we talyplar sanlylaşdyrmagyň bilim bermegi häzirki zaman hil derejesine ýetirmekde uly orna eýe bolup durýandygyny belläp geçdiler. Çykyşlarda Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň ähmiýeti, sanly özgertmeleriň bilim ulgamynyň ösüşine täsiri, QR face elektron hasaba alyş ýaly meseleleriň çäklerinde sanly ulgamyň, sanly ykdysadyýetiň berkarar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan has hem ösdürmekdäki ähmiýeti bilen baglanyşykly ylmy-usuly häsiýetde çykyşlar edildi. Maslahat bilen ugurdaş Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň sergisi guraldy.
Ylmy-usuly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen alyp barýan, sanly bilimi we sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen, ýaşlaryň ylymly, bilimli we giň dünýägaraýyşly ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleri bilen bagly durmuşa geçirýän özgertmeleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.