Mugallymlar we talyplar TDP-niň agzalygyna kabul edildi

871

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni ýatdan çykmajak şanly wakalara beslenýär. Ýakynda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematika we maglumat tehnologiýalary fakultetleriniň mugallymlaryna we talyplaryna Demokratik partiýa biletleriniň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu dabara, partiýa agza bolan mugallymlardyr talyp ýaşlaryň durmuşyndaky ýatdan çykmajak wakalaryň birine öwrüldi.
Dabara gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza halal zähmet çekip işlemäge döredilýän şertler, ýaşlaryň ylymly, bilimli we giň dünýägaraýyşly ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleri bilen bagly durmuşa geçirýän özgertmeleri üçin alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30