Türkmen we belarus professor-mugallymlary biotehnologiýany öwretmegiň meselelerini maslahatlaşdylar

452

4-nji maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň biologiýa fakultetiniň we Belarus Respublikasynyň Belarus döwlet uniwersitetiniň biologiýa fakultetiniň professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda «Ýokary okuw mekdeplerinde hyzmatdaşlyk etmek bilen biotehnologiýany öwretmegiň meseleleri» atly onlaýn ylmy maslahat geçirildi.
Maslahatdaky çykyşlarda biologiýa ugurly okuw işini guramak, degişli ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary, olarda halkara hyzmatdaşlygyň tejribesi we ýokary bilimi kämilleşdirmek bilen baglanyşykly çykyşlara uly orun berildi.
Türkmenistanda toprak biotehnologiýasyny ösdürmegiň tejribesi, ýokary okuw mekdeplerinde biotehnologiýany okatmagyň aýratynlyklary, şorlaşan topraklar üçin toprak mikroorganimzleri peýdalanmagyň biotehnologiýasy, Belarus döwlet uniwersitetiniň biologiýa fakultetinde biotehnolog hünärmenleri taýýarlamagyň bilim maksatnamasy, agrobiotehnologiýada peýdalanmak üçin rizosfer mikroorganizmleriň esasynda biologik enjamlar, weterinar serişdeleriniň täze neslini işläp taýýarlamagyň tejribesi ýaly temalar boýunça ylmy, ylmy-amaly, ylmy-usuly häsiýetdäki çykyşlar netijeli häsiýete eýe boldy.
Maslahatyň dowamynda ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary öz aralarynda hünär ugurlaryna laýyklykda, biologiýa, biotehnologiýa, topragy öwrenmekde biologik serişdeleriň ähmiýeti, biolog, biotehnolog hünärleri taýýarlamakda öňde durýan meseleler bilen bagly sowal-jogaplar alyşdylar.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30