AÇYK GAPYLAR GÜNI

1379

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti orta mekdepleriň uçurymlaryny, esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary we ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýänleriň ählisini 2023-nji ýylyň 6-njy we 13-nji maýynda sagat 15:00-da “Açyk gapylar” gününe çagyrýar.
“Açyk gapylar” gününde uniwersitete gelen ýaşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, uniwersitetde öwredilýän hünärler, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze binalar, okuw, internet, lingafon otaglary, ylmy-barlag we okuw merkezleri, muzeýler, talyplar sport klubunyň işi, talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler. Şeýle hem olar uniwersitetiň durmuşy baradaky wideofilme, aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlaryna, fakultetler tarapyndan taýýarlanan sergilere tomaşa edip bilerler.

HOŞ GELDIŇIZ!


Uniwersitetiň salgysy: Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 31-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 94-67-30, 94-67-05.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30