AÇYK GAPYLAR GÜNI: GURAMAÇYLYK. ÝOKARY IŞJEŇLIK. ÖZBOLUŞLY TANYŞLYK
13416-njy maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen «Açyk gapylar» gününe paýtagtymyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary, uçurymlary we ýaşlar işjeň gatnaşdylar. Olar ýokary okuw mekdebimizde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik we ylmy-barlag işleri, uniwersitetiň taryhy muzeýiniň gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdylar. Hususan-da, bu ýokary okuw mekdebinde häzirki wagtda 30 hünär boýunça ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylyşy boýunça giňişleýin düşünjä eýe boldular.
Myhmanlar uniwersitetiň taryh, türkmen dili we edebiýaty, iňlis dili we edebiýaty, roman-german we gündogar dilleri, hukuk, fizika, matematika, maglumat tehnologiýalary, himiýa, biologiýa, geografiýa fakultetleriniň her birinde guralan ýörite çärelere, tanyşdyryş dabaralarynyň geçirilýän ýerlerine baryp gördüler. Olar häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän okuw binalarynda, sport toplumynda, umumy ýaşaýyş jaýlarynda, kitaphanalarynda, şol sanda elektron kitaphanasynda talyp ýaşlaryň bilim almagy, ylmy garaýyşlaryny ýokarlandyrmagy, sport bilen meşgullanmagy, medeni taýdan dynç almagy üçin döredilen amatly şertlere ýokary baha berdiler.
Uniwersitetiň professor-mugallymlary tarapyndan ylmyň täze gazanan netijelerine we okatmagyň öňdebaryjy usulyýetlerine esaslanyp düzülen okuw meýilnamalarydyr maksatnamalary boýunça taýýarlanan okuw kitaplarydyr gollanmalary ýaşlary has-da özüne çekdi. Esasan-da, bilim, ylym, terbiýeçilik we sport durmuşy çärä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Çärä gatnaşyjy okuwçylar we ýaşlar uniwersitetiň mejlisler jaýynda ýokary okuw mekdebi barada wideofilme tomaşa etdiler hem-de uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň çykyşlaryny diňlediler.
«Açyk gapylar» güni mynasybetli geçirilen ähli çäreler bu ýere gelenlerde ýakymly täsirleri galdyryp, olar üçin geljekde öz hünär ugruny saýlamakda möhüm ýol görkeziji hökmünde uly ähmiýete eýe boldy.