Konstitusiýa hukugy kafedrasynyň hepdeligi dowam edýär

722

Şu günler Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Konstitusiýa hukugy kafedrasynyň hepdeligi dowam edýär.
Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň hem-de Konstitusiýasynyň güni mynasybetli maý aýynyň 8 — 13-i aralygynda dowam edýän bu giň möçberli çäräniň çäklerinde uniwersitetiň kiçi mejlisler jaýynda hepdeligiň açylyş dabarasy, ylmy usuly maslahat, ýokary derejede geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň eserleri we hukuk ylymlaryna degişli edebiýatlaryň, okuw gollanmalarydyr kanunçylyk namalarynyň esasynda guralan sergi hem bu ýere gelenlerde uly täsir galdyrdy.
Degişli günlerde hukuk ugry boýunça bilim alýan talyplar bilen açyk umumy, söhbet sapaklary, referat we tanyşdyrylyş taýýarlamak, wiktorina bäsleşikleri geçirilýär.
Hukuk adalgalaryny iňlis dilinde öwrenmek boýunça «Spelling bee», breýn-ring ýaryşlary-da talyplaryň dünýägaraýşyny açyp görkezmegine mümkinçilik berýär. Hepdäniň dowamynda yzygiderlikde geçirilýän innowasion-döredijilik agşamlary we «Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet baradaky taglymaty we Türkmenistanyň Konstitusiýasy» atly sahnalaşdyrylan çykyşlaryň görkezilişi hepdeligiň ýatdan çykmajak pursatlara baý bolmagyny üpjün edýär.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30