«Türkmenistan dünýä taryhynda» ady bilen hepdelik geçirilýär
1027Maý aýynyň 8 — 13-i aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde dünýä taryhy kafedrasy tarapyndan «Türkmenistan dünýä taryhynda» ady bilen hepdelik geçirilýär. Bu günlerde talyplar umumadamzat taryhynda türkmen halkynyň we döwletleriniň eýeleýän orny, dünýä medeniýetiniň çygrynda milli mirasymyzyň kemala gelşiniň ösüş aýratynlyklary barada giňişleýin tanyşýarlar.
Hepdelik mynasybetli taryh fakultetiniň keşbi taryhy öwüşginler bilen bezelipdir. Olaryň arasynda gyzykly taryhy maglumatlary, tapyndylaryň nusgalaryny, milli gymmatlyklarymyzy özünde jemleýän sergi bu ýere gelen talyplaryň aýratyn ünsüni çekýär. Degişli kafedranyň professor-mugallymlarynyň dürli ýyllarda neşir edilen okuw gollanmalarydyr kitaplary, talyplar tarapyndan elde çekilen suratlar, monitorlarda görkezilýän taryhy şekiller özboluşly many-mazmuna eýe boldy.
Hepdeligiň çäginde geçirilýän açyk sapaklara, ýaryşlara we zehin bäsleşiklerine talyplar işjeň gatnaşýarlar.