Orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary okuw dersleri boýunça bäsleşýärler
803Mälim bolşy ýaly, 8 — 10-njy maý aralygynda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň okuw dersleri boýunça döwlet bäsleşigi geçirilýär.
Türkmenistanyň Bilim ministriniň «Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň okuw dersleri boýunça döwlet bäsleşigini geçirmek hakynda» buýrugyna laýyklykda we degişli düzgünnama esasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň häzirki zaman kompýuter enjamlary bilen ornaşdyrylan we ýokary tizlikli internet toruna birikdirilen okuw otaglarynda hem bu bäsleşik onlaýn görnüşde, ýokary depginde dowam edýär. Bu ýerde Ahal welaýatynda we Aşgabat şäherinde ýerleşýän orta hünär okuw mekdeplerine wekilçilik edýän talyplar bellenilen wagtyň dowamynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan işlenilip taýýarlanylan programma üpjünçiliginiň kömegi esasynda yzygiderli berilýän soraglara jogaplary girizip, öz ukyplaryny görkezýärler.
Ders bäsleşiginiň esasy maksady ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň ylma, bilime bolan höwesini artdyrmakdan, olaryň arasyndan zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan, talyplaryň okuw ýumuşlaryny özbaşdak ýerine ýetirip bilmek ukyplaryny ösdürmekden hem-de orta hünär okuw mekdeplerinde hünärmenleri taýýarlamagyň ýokary hilini üpjün etmekden ybaratdyr.
Bäsleşige turuwbaşdan ýokary gurmaçylyk, işjeňlik, aýanlyk, özara bäsdeşlik mahsus bolup, 8-nji maýda talyplar Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşyny öwreniş, Türkmenistanyň kanunçylygy, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça taýýarlanan soraglara jogap berdiler. 9-njy maýda olar häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, sanly ykdysadyýet dersleri boýunça özlerini synap gördüler.
Meýilnama boýunça döwlet bäsleşiginiň soňky güni iňlis we rus dilleri, matematika dersleri boýunça dowam edip, bu ugurda iň zehinli hem başarjaň ýaşlaryň öňe saýlanmagyna ýardam berer.