«WATAN NÄMEDEN BAŞLANÝAR?!» ÝAÝLYMDA ILKINJI GEZEK

2545

9-njy maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň bagtyýar talyp ýaşlarynyň, mugallymlarynyň gatnaşmagynda, uniwersitetiň ilkinji jemgyýetçilik guramalarynyň ýardam bermeginde taýýarlanan «Watan nämeden başlanýar?!» atly alkyşnama aýdymy «Ýaşlyk» teleýaýlymy tarapyndan ýaýlyma goýberildi. Bu aýdymyň sözleri uniwersitetimiziň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Göwher Gurbanowanyň, sazy bolsa meşhur kompozitor Türkmenistanyň at gazanan artisti Begenç Hojaýewiň döredijiligine degişli.
Aýdymyň süňňünde watansöýüjiligi, dost-doganlygy, milliligi, asudalygy, bagtyýar hem nurana günleri hemra edinen Gahryman Arkadagly we Arkadag Serdarly ýaşlaryň köňül owazlary jemlenýär. Şeýle-de aýdymyň heňinde Magtymguly Pyragynyň arzuw eýlän berkarar döwletinde bagtyýarlygyň dabaralanýandygyny duýmak bolýar.
«Watan nämeden başlanýar?!» atly alkyşnama aýdymy döredilende Milli Liderimiziň we Arkadagly Serdarymyzyň ýaş nesillerimizi watansöýüjilik, halallyk, ata-babalarymyzyň mukaddes däplerine buýsançlylyk, tutan maksatlaryna ygrarlylyk, mukaddes Kasamyna wepalylyk ruhunda terbiýelemek barada geçirýän her bir duşuşyklarynda berýän pent-sargytlaryndan ugur alnandygyny bellemek gerek. Söz bilen sazyň utgaşmasy esasynda dörän aýdym bagtyýarlyk mukamy bolup ýaňlanýar.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30