Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi
653Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy – Watanymyzyň rowaçlygynyň we abadançylygynyň nyşany” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynyň ylmy işgärleri gatnaşdylar.
Maslahat öz işini umumy mejlisde başlap, 9 sany bölümde dowam etdi. Çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi esasynda kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk resminamalaryň kämilleşdirilişi, Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we onuň taryhy kökleri, ýurdumyzda innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy we ondan peýdalanmaklygyň usullary boýunça gazanylýan netijeler barada ylmy, ylmy-usuly, ylmy-amaly häsiýetde belläp geçdiler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar sagdyn jemgyýetiň aýrylmaz bölegi bolan kämil nesli kemala getirmekde alyp barýan tutumly işleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza hoşallyk we alkyş sözlerini beýan etdiler.