Iňlis dili boýunça onlaýn bäsleşik guraldy
777Golaýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça ýokary okuw mekdepleri tarapyndan geçirilýän çäreleriň çäklerinde, şeýle hem Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda «Sage of Turkmen – Magtymguly Pyragy» atly iňlis dilinde onlaýn sowalnama bäsleşigi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary işjeň gatnaşdylar.
Onlaýn bäsleşige her ýokary okuw mekdebinden 3 talyp gatnaşyp, olara 50 soragdan ybarat bolan sowalnamany çözmek üçin 30 minut wagt berildi.
Şeýlelikde, emin agzalary tarapyndan bäsleşige gatnaşan talyplaryň gazanan utuklary esasynda 3 sany 1-nji, 5 sany 2-nji, 7 sany 3-nji orun ýeňiji diýlip kesgitlenildi.
Uniwersitetimizden Orazowa Humaý 1-nji, Ataýewa Aýgül 2-nji, Çowdurowa Altyn 3-nji orunlary eýelediler.