Arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň hepdeligi öz işine başlady
939Maý aýynyň 15 — 20-si aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde arheologiýa we etnologiýa kafedrasy tarapyndan «Türkmen halkynyň şöhratly taryhy ýoly — ýaş nesillere görelde» ady bilen hepdelik geçirilýär. Şu mynasybetli talyplar bu günlerde «Orta Aziýanyň arhitektura ýadygärlikleri», «Türkmenistanyň arheologiýasy», «Türkmenistanyň etnologiýasy», «Gadymy dünýä taryhy» derslerinden açyk umumy we söhbet sapaklaryna gatnaşýarlar.
Hepdelik mynasybetli taryh fakultetiniň keşbi taryhy öwüşginler bilen bezelipdir. Olaryň arasynda gyzykly taryhy maglumatlary, tapyndylaryň nusgalaryny, milli gymmatlyklarymyzy özünde jemleýän sergi bu ýere gelen talyplaryň aýratyn ünsüni çekýär. Degişli kafedranyň professor-mugallymlarynyň dürli ýyllarda neşir edilen okuw gollanmalarydyr kitaplary, talyplar tarapyndan elde çekilen suratlar, monitorlarda görkezilýän taryhy şekiller özboluşly many-mazmuna eýe boldy.
Hepdeligiň açylyş dabarasynda geçirilen «Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň arheologiýa we etnografiýa ylmynda ýetilen sepgitler» atly maslahat örän işjeň häsiýete eýe boldy.
Şeýle hem uniwersitetiň talyplarynyň arasynda taryh dersleri boýunça yglan edilen test, «Syrly horjun» atly toparara bäsleşikler, «Ýaş etnograf» gurnagynyň çäklerinde nutuk taýýarlamak, täsirli çykyş etmek ýaryşlary, fakultetiň talyplary bilen guralan taryhy wakalara bagyşlanan sahnalaşdyrylan çykyşlar, paýtagtymyzyň golaýynda ýerleşýän arheologik ýadygärliklere gezelençler, ýaşlaryň döredijilik eserleriniň sergisi, TYA-nyň taryh we arheologiýa institutynyň alymlary bilen duşuşyklar hepdeligiň örän gyzykly geçmegini üpjün edýär.