Baýdagymyz — buýsanjymyz, Konstitusiýamyz — köňül kelamymyz!
64117-nji maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp, şeýle hem Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem-de Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi. Rus dili kafedrasy tarapyndan guralan çärä uniwersitetiň professor-mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda türkmen döwletiniň, medeniýetiniň, milli mirasynyň, döwlet nyşanlarynyň taryhyna degişli tanyşdyryşlara uly orun berildi. Olarda ir döwürlerden halkymyzyň durmuşynda kada-kanunlara, däp-dessurlara, adatlara uly hormat goýlandygy, esasy Kanunymyzda adamyň we raýatyň hak-hukuklarynyň doly kepillendirilendigi bellenilip geçilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň Döwlet nyşanlarynyň ýurdumyzyň at-abraýyny, mertebesini, baýlyklaryny, halkymyzyň jebisligini, parahatsöýüjiligini özünde şöhlelendirýän gymmatlyklardygy çäräniň dowamynda edilen çykyşlarda öz beýanyny tapdy.
Konstitusiýamyzy, Döwlet baýdagymyzy, ata Watanymyzy wasp edýän goşgulardyr aýdym-sazlar, edebi-sazly kompozisiýalar baýramçylyk çäresiniň many-mazmunyny has-da artdyrdy.