Ýaş himiklerimiziň üstünligi

581

Şu ýylyň maý aýynyň 23-24-i aralygynda Täjik milli uniwersitetiniň guramagynda talyplaryň arasynda himiýa dersi boýunça halkara internet olimpiadasy geçirildi. Bu halkara ýaryşa 8 döwletden jemi 127 talyp, şol sanda “Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniweristeti bilen Täjik milli uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Şertnamanyň” çäklerinde ýokary okuw mekdebimiziň ýaş himikleri hem gatnaşdy.
Halkara internet olimpiadasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň himiýa hünäriniň 2-nji ýyl talyby Aziz Kerimbaýew hem-de şol hünäriň 4-nji ýyl talyby Kerwen Gadamow üstünlikli çykyş edip, baýrakly 1-nji orny eýelediler. Biz hem talyplarymyzy gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, ýaş himiklerimize geljekde-de täze üstünlikleri arzuw edýäris.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30