Hoş habara bagyşlanan hoşallyk maslahaty
54330-njy maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik toplumynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegine bagyşlanan hoşallyk maslahaty geçirildi.
Hoşallyk maslahatynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda halkara derejesinde tutumly işleriň durmuşa geçirilýändigini bellediler.
Golaýda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilendigi hakyndaky hoş habaryň ýurdumyza gelip gowuşmagy beýik söz ussadymyza we onuň döredijiligine bütin dünýäde uludan sarpa goýulýandygyny subut edýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Azerbaýjanyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Ukrainanyň goldamagynda ÝUNESKO-nyň Şanly seneler sanawyna Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramçylygynyň goşulmagy, şahyryň edebi mirasynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň hatarynda mynasyp orun eýelemegi türkmen mertebesini ýene-de bir ýola belende göteren waka boldy.
Çykyşlarda bular barada giňişleýin gürrüň edilip, 2022-nji ýylda TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýip yglan edilendigi buýsanç bilen aýdylyp geçildi.
Hoşallyk maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul etdiler.