Ekologiýa abadançylygy: netijeli usullar, oňyn tejribeler

414

2-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawy goramak syýasaty ýaşlaryň ekologiýa bilimini we medeniýetini ösdürmegiň baş ýörelgesidir» atly onlaýn ylmy maslahat geçirildi. Oňa uniwersitetň hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy işgärleridir alymlary gatnaşdylar.
Onlaýn ylmy maslahatda ýurdumyzda döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde garalýan ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamy boýunça amala aşyrylýan netijeli işlere bagyşlanan çykyşlara uly orun berildi. Çykyşlarda professor-mugallymlar hem-de alymlar tarapyndan «Dünýäniň suw gorlarynyň ekologiýa ýagdaýy», «Korrelýasiýa koeffisiýentiniň ululygynyň we ähmiýetliliginiň kesgitlenilişi», «Daşoguz welaýatynyň dendroflorasyny öwrenmegiň netijeleri we uýgunlaşan görnüşleri köpeltmegiň aýratynlyklary», «Nebitgaz senagatynyň ekologik meseleleri», «Türkmenistanda üzümiň galyndysyndan antioksidant häsiýetli resweratroly bölüp almak», «Garagum sährasynyň ekologik we ykdysady ähmiýeti», «Azyk senagatynda galyndysyz himiki tehnologiýalary ulanmak», «Iýilýän bioplastikleri taýýarlamagyň tehnologiýalary» ýaly örän ähmiýetli temalar boýunça giňişleýin gürrüňler edildi.
Ekologiýa abadançylygyna gönükdirilen zerur çäreleri durmuşa geçirmegiň hem-de täze işläp taýýarlamalary döretmegiň oňyn usullaryny öz içine alan maslahata netijeli häsiýet mahsus boldy.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30