Ylymlar güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat

698

7-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly we Ylymlar güni mynasybetli «Hormatly Prezidentimiziň ylym ulgamyny ösdürmek syýasaty – ylymly ýaşlary kemala getirmegiň baş ýörelgesi» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahatyň işi umumy mejlisden we «Takyk ylymlar ulgamy maglumat tehnologiýalaryny ösdürmegiň özenidir», «Fizikanyň ylmy barlaglarynyň netijeleriniň nanotehnologiýalary we energetikany ösdürmekdäki orny», «Tebigy ylymlary we himiki tehnologiýalary kämilleşdirmegiň nazary hem-de amaly esaslary», «Türkmenistanyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň görnüş düzümini köpeltmegiň hem-de goramagyň hojalyk ähmiýeti», «Daşky gurşawy gorap saklamakda ylmyň häzirki zaman gazananlaryny peýdalanmagyň döwrebap usullary we tehnologiýalary», «Daşary ýurt dillerini öwretmegiň usulyýetini kämilleşdirmek giň dünýägaraýyşly nesli kemala getirmegiň gözbaşydyr», «Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer ylymlar ulgamyny ösdürmek syýasaty – jemgyýetiň durnukly ösüşiniň ygtybarly ýoly», «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe filologiýa ylmynyň derwaýys meseleleri» atly bölümleriň 8-sinden ybarat boldy. Olaryň dowamynda uniwersitetiň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, aspirantlaryň, alymlyk derejelerine dalaşgärleriň, magistrleriň, talyplaryň, şeýle-de ylmy-barlag institutlarynyň alymlarynyň, ylmy işgärleriniň, ministrliklerdir pudaklaýyn edaralardan hünärmenleriň 300-den gowragynyň ylmy nutuklary meýilleşdirildi.
Maslahatda berkarar döwletimizde nano we himiki tehnologiýalar, biotehnologiýalar, oba hojalyk, ekologiýa, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter, derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, ynsanperwer ylymlary boýunça çykyş edip, ylmyň durmuşa, önümçilige ornaşdyrylyşy, onuň ruhy-ahlak taýdan aňyýeti kämilleşdirmekdäki orny bilen baglanyşykly çykyşlar diňlenildi.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30