Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň wekilleri bilen tejribe alşyldy
4118-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň, hünärmenleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly «Häzirki zaman jemgyýetinde ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda halkara hyzmatdaşlygynyň orny» atly maslahat geçirildi. Onuň esasy maksady «Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny» ýerine ýetirmekden ybarat bolup, bu çäre Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ylym-bilim babatynda halkara hyzmatdaşlygyny döwrebap ösdürmäge, daşary ýurtlaryň hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleri bilen tejribe alyşmaga giň mümkinçilik berdi.
«Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamanyň» çäklerinde geçirilen maslahatda çykyş eden professor-mugallymlar, hünärmenler degişli ýokary okuw mekdeplerinde okuw işini guramak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň geljekki çelgileri we onuň esasynda ýokary bilimi kämilleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda bilimiň, ylmyň we tejribäniň orny bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşdylar.
Maslahatyň dowamynda ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlarynyň arasynda hünär ugurlaryna laýyklykda, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda öňde durýan meseleler bilen bagly sowal-jogaplar alyşmalara giň orun berildi.