Talyplarymyz ylmy taslamalaryň sergi bäsleşiginde ýeňiji boldular

940

6-7-nji iýunda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkezi tarapyndan geçirilýän «Ylymly ýaşlar berkararlygyň binýady» atly ylmy taslamalaryň sergi bäsleşigi geçirildi. Sergide 150-den gowrak innowasion taslamalar bilen çykyş eden ýaşlaryň, özleriniň nazary bilimde alan ukyp-başarnyklaryny ylmy taslama we ylmy-barlag işleriniň üsti bilen bäsleşdiler.
Bu çäre ýaşlaryň baý ylmy-döredijilik kuwwatyny durmuşa geçirmäge, täze mümkinçilikleri döretmäge hem-de ýurdumyzyň innowasion ösüşinde ýaş alymlaryň ornunyň barha artýandygyny aýdyň görkezýär. Bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňiji bolan 30 sany saýlama işleriň eýeleri guraýjylar tarapyndan diplomlar we sowgatlar bilen sylaglandy.
Bu taslama bäsleşiginde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekilleri hem işjeň çykyş edip, olaryň arasyndan Akmämmet Hojaýew 1-nji, Suraý Ärsaryýewa 2-nji, Şöwket Şöhradow 3-nji orunlary eýelediler.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30