Türkmen-koreý halkara onlaýn ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi
378Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanan “Gündogaryň Beýik Akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bu Meýilnamanyň esasynda düzülen Ýol Kartasyna laýyklykda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň we Hanýang uniwersitetiniň Aziýa-Ýuwaş umman sebitleri boýunça gözleg merkeziniň guramagynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlarynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Koreýa Respublikasynyň Daşary ýurt öwreniş Hankuk uniwersitetiniň, Kukmin uniwersitetiniň, Pai Çai uniwersitetiniň we Çonnam Milli uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda “Magtymguly Pyragy we dünýä gymmatlyklary” atly bilelikdäki türkmen-koreý halkara onlaýn ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi.
Halkara onlaýn ylmy-döredijilik maslahatyndaky çykyşlarda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde bellemek boýunça alnyp barylýan işler, akyldaryň edebi mirasynyň ynsanyýeti kämillige, watansöýüjilige, ynsanperwerlige çagyryşy, şahyryň döredijilik dünýäsini öwrenmekde türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” kitabynyň gymmaty, beýik söz ussadynyň şygyrlaryny öwrenmekde türkmen we koreý jemgyýetçiligi tarapyndan alnyp barylýan işler dogrusynda bellenilip geçildi.
Halkara onlaýn ylmy-döredijilik maslahatynyň dowamynda professor-mugallymlar, alymlar tarapyndan Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsi, onuň öwrenilişi, şahyryň eserleriniň koreý edebiýatyna täsiri, türkmen-koreý edebiýatynda umumylyklar bilen baglanyşykly sowal-jogaplar alşyldy.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.