Çagalarda täsir galdyran dabara
40714-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň guramagynda Gökdere jülgesindäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Bagtyýar çagalar — Watan geljegi, Arkadagly Serdar — halkyň gerçegi» atly aýdym-sazly dabara geçirildi.
Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň has-da gyzgalaňly we şatlykly geçmegini gazanmak maksady bilen guralan çärede uniwersitetimiziň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň bagtyýar talyplarynyň — aýdymçylaryň, tansçylaryň, dutarçylaryň täsirli çykyşlaryna uly orun berildi. Bu çykyşlar çagalarda uly gyzyklanma döretdi. Belentden ýaňlanan aýdym-sazlar, joşgunly ýerine ýetirilen tanslar çagalaryň watansöýüjilik ruhuny ösdürmäge, bu ýerdäki dynç alyş günleriniň şatlygyny artdyrmaga ýardam edip, olar üçin ýatdan çykmajak wakalara beslendi.
Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda dowam edýän tomusky dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyrynda Gökderede ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde uniwersitimiziň 3-nji ýyl talyplarynyň uly topary okuw-terbiýeçilik tejribeligini geçýärler.