«Ýylyň mugallymy» — uniwersitetimizden!

1764

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda amala aşyrýan özgertmelerini durmuşa geçirmäge saldamly goşandyny goşýan, ata Watana wepaly, syýasy taýdan düşünjeli, bilim we hünär taýdan kämil, baý iş tejribesini toplan ussat mugallymlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen “Ýylyň mugallymy” döwlet bäsleşiginiň jemi jemlendi.
Bäsleşigiň netijelerine görä «Ýylyň mugallymy» diýen ada we ýaryşyň baş baýragyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty Mähri Perdeliýewa mynasyp boldy.
Bäsleşikde birinji orny Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň sanly ykdysadyýet kafedrasynyň uly mugallymy Aýgözel Arlanowa, ikinji orny Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň diller kafedrasynyň uly mugallymy Merdan Amanow hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň terjimäniň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallymy Meretguly Gurbanow eýelediler.
Üçünji orna Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň kafedra müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Maral Sähetgeldiýewa, Türkmenistanyň Serhet institutynyň hukuk taýýarlygy kafedrasynyň uly mugallymy, hukuk ylymlarynyň kandidaty Möwlamguly Hezretow, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň sazyň taryhy kafedrasynyň uly mugallymy Bahargül Ýakubowa, Türkmen oba hojalyk institutynyň mallaryň kesellerini anyklamak we bejermek kafedrasynyň uly mugallymy Meretmät Meretmädow mynasyp boldular.
Bäsleşige gatnaşan mugallymlar Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň degişli diplomlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy.
Biz hem ýurdumyzyň bilim ulgamynda iň bir abraýly bäsleşikde ýeňiji bolan uniwersitetimiziň mugallymyny gazanan üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa alyp barýan asylly işlerinde rowaçlyklary arzuw edýäris!
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30