Ýeňişler täze üstünliklere ruhlandyrýar
562Islendik ynsanyň durmuşynda hiç haçan gaýtalanmajak, ýatdan çykmajak käbir pursatlar bolýar. Filosoflaryň belleýşi ýaly, adam ömrüniň, ýaşaýşynyň manysy-da şol pursatlarda jemlenýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda geçirilen «Ýylyň mugallymy» döwlet bäsleşiginiň baş baýragyna mynasyp bolmagym maňa şeýle pursatlary bagyşlady.
Adam jemgyýete peýda getirmek, eşretli durmuşda ýaşamak üçin zähmet çekýär. Aslynda, zähmet ynsan üçin edil howa, iýmit ýaly hökmany zerurlyk. Zähmetiň hem dürli görnüşi bar, dürli hünärler, kärler bar. Olaryň sany müňlerçe, ýöne iň hormatlylarynyň we gadymylarynyň biri mugallymçylykdyr. Ynha, şol hormatly käriň eýesi bolup, «mugallym» adyny buýsanç bilen göterýändigim üçin özümi bagtly hasaplaýaryn.
Bäsleşik diýseň gyzgalaňly, çekeleşikli, aýanlyk ýagdaýynda geçdi. Onuň dowamynda biziň alyp baran okuw-terbiýeçilik, ylmy işlerimiziň netijelerine baha berildi. Şeýle-de öz hünär ugrumyz boýunça okuw sapaklaryny guradyk. «Türkmenistanyň etnologiýasy» okuw dersi boýunça guran umumy sapagym türkmen halkynyň durmuşynda aýrylmaz orna eýe bolan milli mirasymyzyň ajaýyp nusgasy – türkmen halysyna we onuň nagyşlarynyň aýratynlyklaryna bagyşlandy. Nagyşlaryň iň gadymy nusgalarynyň mundan bäş-alty müň ýyl ozal tapylan küýze önümlerinde gabat gelýändigi bilen baglylykda, sapagy arheologiýa ylmy bilen baglanyşdyrdyk. Sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly küýzeleriň şekillerini üç ölçegli görnüşde kompýutere geçirdik. Mundan başga-da, haly nagyşlarynda binagärlik ýadygärliklerinde gabat gelýän şekilleriň-de şöhlelenýändigini görkezmek maksady bilen, «Wirtual hakykat» tehnologiýasy arkaly wirtual äýnekleriň kömeginde talyplaryň Nusaý taryhy-medeni ýadygärligine we Seýitjemaleddin metjidine syýahatyny guradyk. Çünki şol metjidiň diwar bezeginde şekillendirilen aždarhanyň şekili käbir halylarda hem öz beýanyny tapýar. Munuň özi talyplaryň temany has-da oňat özleşdirmegine, türkmen halysynyň özboluşly nagyşlary barada içgin gyzyklanmalarynyň ýüze çykmagyna oňyn täsir etdi.
Ýokary okuw mekdebinde mugallym bolmagyň özi örän jogapkärçilikli. Oňa düşünip, geljekki pedagog hünärmenleriň taýýarlanylýan bilim ojagynda talyplara bilim öwretmek, olaryň saýlap alan hünärlerine kämilleşmeklerine goşant goşmak, Watana wepaly ýaşlary ýetişdirmek ugrunda tagallalarymyzy gaýgyrmaýarys. Mugallymçylykdan daşary ylmy işler bilen meşgullanýarys. Halkymyzyň şöhratly taryhynyň dowamynda döreden maddy we ruhy gymmatlyklaryny ylmy esasda öwrenmek boýunça uniwersitetimizde birnäçe işler alnyp barylýar. Bu işleriň has-da giň gerime eýe bolmagynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýokary okuw mekdebimizde «Medeni miras: geçmişden geljege» UNESCO kafedrasynyň açylmagy örän uly ähmiýete eýe boldy. Bu kafedranyň işjeň agzasy hökmünde alnyp barylýan ylmy barlaglara, geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahatlara, tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşliklere yzygiderli gatnaşýarys. Bu işlere talyp ýaşlary hem işjeň çekýäris.
Ýurdumyzyň bilim ulgamy ýylyň-ýylyna uly üstünliklere beslenýär. Çünki eziz Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen gazanylýan ösüşler, amala aşyrylýan özgertmeler biziň ýolumyza nur saçýar, ýagty geljegimizi, ajaýyp durmuşymyzy kepillendirýär. Şeýle beýik işleri amala aşyrýan Arkadagly Serdarymyzyň, Milli Liderimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!

Mähri PERDELIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
mugallymy, taryh ylymlarynyň kandidaty,
«Ýylyň mugallymy» döwlet bäsleşiginiň baş baýragynyň eýesi.