«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat geçirildi

709

26-njy iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň guramagynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Oňa Günorta Koreýa Respublikasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Hindistan Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan, Ispaniýa Patyşalygyndan, Alžir Halk Demokratik Respublikasyndan, Azerbaýjan Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Liwan Patyşalygyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Ermenistan Respublikasyndan we beýleki döwletlerden hem-de ýurdumyzdan alymlaryň 300-den gowragy gatnaşdylar.
Halkara ylmy maslahat, ilki, umumy mejlisde dowam etdi. Onuň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara Gutlagy okaldy. Soňra birnäçe daşary ýurtlardan alymlaryň uly toparynyň çykyşlary diňlendi.
Halkara ylmy maslahatyň «Pyragy hem Arkadag – köňüllere şamçyrag» bölümi Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, «Magtymguly we onuň zamanasy» bölümi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, «Magtymguly we Gündogar edebiýaty» bölümi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda, «Magtymgulynyň şygryýet älemi» bölümi Türkmen döwlet medeniýet institutynda, «Magtymgulynyň döredijiliginde ynsanperwerlik» bölümi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda dowam etdirildi.
Maslahatda çykyş edenler türkmen halkynyň beýik ogly we gündogar edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyraga dünýä halklary çäksiz hormat goýýandygyny, beýik akyldaryň şahyrana dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesine, milletiň kalbynyň owazyna, türkmen ruhunyň synmajak sütünine öwrülendigini,berkarar Watanymyzda Magtymguly Pyragynyň Watany, halky, bütin ynsanyýeti söýmek baradaky ýiti pähim-parasata, şirin duýgulara eýlenen ajaýyp şygyrlary, adalatly jemgyýet, bagtly ýaşaýyş hakyndaky dürdäne pikirleri, bitewülik, erkinlik, ynsanperwerlik hem-de döwletlilik ýörelgelerini berkarar etmek hakyndaky çagyryşlary belentden ýaňlanýandygyny nygtap geçdiler.
Halkara ylmy maslahaty bilen ugurdaş Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň, Magtymguly Pyragynyň dürli ýyllarda neşir edilen goşgular ýygyndylarynyň, beýik akyldarymyzyň döredijilik dünýäsini öwrenmekde türkmen alymlary tarapyndan ýazylan monografiýalaryň, kitaplaryň, gollanmalaryň, ylmy makalalar we ylmy maslahatlaryň nutuklarynyň ýygyndylarynyň hem-de milli amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklaryň sergisi guraldy.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30