Geljegiň şäheri hakda kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy
9063-nji iýulda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik guramalary toplumy tarapyndan «Arkadag şäheri – geljegiň şäheri» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
«Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly täze kitaba bagyşlanan bu tanyşdyrylyş dabarasyna uly ruhubelentlik ýagdaýy mahsus boldy. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, bu ajaýyp kitaby okyjylar köpçüligi, tutuş halkymyz «akylly» Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna mynasyp sowgat hökmünde kabul etdi. Kitapda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynda ýerine ýetirilen işler barada giňişleýin maglumatlar beýan edilýär. Geljegiň şäheriniň ajaýyp binalarynyň we gurluşyk işleriniň özboluşly aýratynlyklaryny, gündizki we gijeki gözel görnüşlerini açyp görkezýän fotosuratlaryň kitabyň degişli bölümleriniň mazmuny bilen utgaşykly berilmegi onuň täsirliligini has-da artdyrýar. Çykyşlarda şeýle-de ýokary çaphana usulynda neşir edilen bu täze kitabyň üç dilde taýýarlanmagynyň onuň giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendigini görkezýändigi, daşary ýurtlularyň hem kitaby okap, Arkadag şäheriniň ajaýyplyklary bilen tanşyp bilýändigi nygtaldy.
Kitapda «Gadymy toprakda dörän gudrat», «Gurýan döwlet — gurply döwlet», «Arkadag şäheri — döwlet ähmiýetli şäher», «Arkadagda «akylly» şäher konsepsiýasy», «Akylly» şäheriň «akylly» ulaglary», «Akylly» öý hyzmatlary», «Ekologiýa abadançylygy ugrunda», «Ýaşyl» tehnologiýalar — «ýaşyl» ykdysadyýet», «Tenekar topragyň şirin nygmaty», «Belent hormatyň nyşany», «Ösüşinde bedewleriň bady bar», «Ýaşlygyň we ýaşlaryň şäheri», «Gözelligiň şäheri», «Dowamata dowam şäher», «Goý, halkymyz eşretli durmuşda ýaşasyn!» atly bölümler bolup, olarda bu ajaýyp şäheriň gaýtalanmajak özboluşly aýratynlyklary, tebigy gözelligiň we döwrebaplygyň sazlaşygy çeper beýan edilýär hem-de ýurdumyzyň şeýle ägirt uly taslamalary durmuşa geçirmäge ukyplydygy şöhlelendirilýär.
«Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynda şeýle hem täze şäheriň açylyp ulanmaga berilmeginiň Türkmenistanyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak ägirt uly şanly waka bolandygy bellenilip, onuň diňe bir biziň ýurdumyz üçin däl-de, eýsem, halkara derejede-de ähmiýetli şähere öwrüljekdigi bellenildi.