Ibn Sinanyň mirasy — umumadamzat gymmatlygy

672

5-nji iýulda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde meşhur alym we lukman Abu Aly ibn Sinanyň ylmy döredijiligine bagyşlanyp «Gündogaryň beýik akyldary ibn Sinanyň edebi we ylmy mirasy – umumadamzat gymmatlygy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Ylmy-amaly maslahatda çykyş eden professor-mugallymlar X-XI asyrlaryň sepgidinde ýaşap geçen Gündogaryň beýik akyldary, pelsepeçi, lukman-alym Abu Aly ibn Sinanyň dünýäniň lukmançylyk ylmynyň ösmegine goşan goşantlary, ibn Sina bilen bagly halk hakydasynda saklanyp galan rowaýatlaryň ynsany sagdyn durmuş ýörelgesine itermekdäki ähmiýetini bellediler. Şeýle-de olar Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Gündogaryň birnäçe ylym ägirtleriniň, şol sanda Abu Aly ibn Sinanyň heýkeli hem paýtagtymyzyň gözel künjegindäki «Ylham» seýilgähinde mynasyp ornuny tapandygyny nygtadylar. Nygtalyşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, alym Arkadagymyzyň köňül kelamy bolan ajaýyp eserlerinde hem ibn Sina bilen baglanyşykly taryhy maglumatlar öz beýanyny tapýar. Aby Aly ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly bäş jiltden ybarat kitabynyň türkmen dilinde neşir edilmegi diňe bir lukmanlar üçin däl, eýsem halk lukmançylygy bilen gyzyklanýan okyjylar köpçüligi üçin-de durmuş gollanmasyna öwrüldi.
Maslahat bilen ugurdaşlykda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň, meşhur alym we lukman Abu Aly ibn Sina we onuň ylmy döredijiligine bagyşlanan kitaplaryň, dermanlyk ösümlikleriň sergisi guraldy.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30