SLOWAKIÝALY ALYMLAR UNIWERSITETIMIZDE IŞ SAPARYNDA BOLÝARLAR
694Ýewropa Bileleşigi bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Bratislawadaky Slowak tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda ERASMUS+ maksatnamasynyň çäklerinde «Inter-institutional agreement 2022-2023 between institutions from Programme and Partner Countries» («Maksatnama ýurtlarynyň we hyzmatdaş ýurtlaryň edaralarynyň arasynda 2022-2023-nji ýyllar üçin Ylalaşyk») atly hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyk boýunça Slowakiýanyň Bratislawa şäherinde ýerleşýän Slowak tehnologiýa uniwersitetiniň professory, taslamanyň utgaşdyryjysy Iwan Spanik we Seljeriş himiýa institutynyň ylmy işgäri Lýudmila Hwalbota 2023-nji ýylyň 10 — 19-njy iýuly aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde iş saparynda bolýarlar.
ERASMUS+ maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyza iş sapary bilen gelen Slowak tehnologiýa uniwersitetiniň professory Iwan Spanik we Seljeriş himiýa institutynyň ylmy işgäri Lýudmila Hwalbota Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda «Mass-spektroskopiýanyň esaslary», «Suwuklyk hromatografiýa we onuň ulanylyşy», «Ekstraksiýa usullary» ýaly temalardan umumy okuw sapaklaryny geçdiler. Şeýle-de iş saparynyň çäginde slowakiýaly myhmanlar uniwersitetiň mugallymlaryny, talyplaryny Slowak tehnologiýa uniwersitetinde we Seljeriş himiýa institutynda alnyp barylýan işler hem-de ylmy barlaglar bilen tanyşdyrdyrýarlar. Olar himiýa ugry boýunça ylmy-barlag işleriniň ýerine ýetirilişi, hünärmenleriň seljeriş we barlag geçirmek başarnyklaryny ýokarlandyrmak, ýokary okuw mekdepleriniň hünärmenleriniň arasynda aragatnaşygy işjeňleşdirmek arkaly ony geljekde has-da ilerletmek boýunça maslahatlaryny berýärler.