Türkmen talyplary ABŞ-da ýokary derejeli foruma gatnaşdylar

473

2023-nji ýylyň 17-19-njy iýuly aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we durmuş geňeşiniň (ECOSOC) howandarlygynda geçirilen ýokary derejeli syýasy forumyna ýurdumyzyň degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçy düzümi, diplomatik wekilhanalaryň wekilleri hem-de türkmenistanly talyplar gatnaşdylar. Olaryň arasynda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Ýaş Ilçileri - Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby E.Açilowa we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby J.Gurbanmyradow hem bar.
Forumyñ esasy maksady Türkmenistanyň ikinji Meýletin Milli Synyny ECOSOC-yň agza ýurtlarynyň dykgatyna ýetirmekden ybaratdyr. Onuň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda birnäçe ýygnaklar, duşuşyklar, tanyşdyrylyş çäreleri geçirildi.
19-njy iýulda Ýaş Ilçiler Türkmenistanyň ikinji Meýletin Milli Synynyň tanyşdyrylyş dabarasynda hem çykyş etdiler, özara pikir alyşmalara, sorag–jogaplara gatnaşdylar.
Şol gün «Ýaşlaryň 2030 barada üçünji Ösüş Hasabaty, Ýaşlar strategiýasy» atly duşuşyk geçirildi. Oňa DÖM-iň ýaş ilçileri E.Açilowa, J.Gurbanmyradow hem-de Türkmenistanyň BMG-däki wekilhanasynyň işgäri A.Sähetmyradow gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda Ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmek, ýaşlara ýokary hilli bilimiň elýeterliligini gazanmak, olaryň hukuklaryny goramak, döwrüň öňegidişliklerine goşulyşmagyna sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly goldaw bermek ýaly meselelere garaldy.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30