ARKADAG HEM PYRAGY — KÖŇÜLLER ŞAMÇYRAGY
137719-njy awgustda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Arkadag hem Pyragy — köňüller şamçyragy» atly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda uniwersitetimiziň professor-mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.
Maslahata ýokary işjeňlik mahsus bolup, çykyşlara uly orun berildi. Olarda nygtalyşy ýaly, ýurdumyzda Magtymguly Pyraga goýulýan sarpa egsilmezdir. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, şahyr ýürekli Arkadagymyzyň akyldaryň ruhy ägirtligi baradaky oý-hyýallaryny, joşgunyny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze şygrynda okyjylar bilen paýlaşyp, ähli ildeşlerimizi diýseň begendirdi. Milli Liderimiziň şahyrana eseri Gündogaryň nusgawy şahyrynyň we akyldarynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda tutuş halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy.
Çäräniň dowamynda çykyş edenler täze şygyr eseriniň örän kämildigini, ýürekden çykyp, ýüreklere barýandygyny, Magtymgulynyň nähili derejedäki edebi hem ruhy şahsyýetdigini aýdyň aňlamakda ýolgörkeziji bolup hyzmat edýändigini buýsanç bilen aýtdylar. Maslahata gatnaşanlar şeýle ajaýyp eserleri sowgat edip, halkymyzyň döredijilik ruhuny joşdurýan, akyldar şahyrymyzyň edebi mirasyny çuňňur öwrenmäge ähli mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, abraýlarynyň belent bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw etdiler.