ÝURDUMYZYŇ BILIM IŞGÄRLERINIŇ MASLAHATY
73426-njy awgustda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 2022-2023-nji okuw ýylyny jemlemek, täze okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi. Oňa bilim işgärleri, terbiýeçilerdir mugallymlar gatnaşdylar.
Bilim işgärleriniň maslahatynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bilim ulgamyny ösdürmek babatda kesgitlenen wezipeler, daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek ugrunda gazanylan netijeler we öňde durýan wezipeler, ýurdumyzyň bilim
ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ýeten sepgitleri we täze gözýetimleri, bilimiň sanly gurşawyny emele getirmek we innowasion bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak ugrunda ýerine ýetirilmeli işler hakynda çykyşlar diňlendi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, halky bilimli-sowatly etmek ugrunda nusgalyk işleri alyp baran, çuňňur watansöýüjiligiň göreldesini görkezen, ilhalar ynsan, Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň, ýaşan ömründe il-ýurduň asudalygyny, abadançylygyny ähli zatdan ileri gören, ýaşlara bilim-terbiýe bermekde özboluşly mekdep döreden, hormatly Prezidentimiziň atasy Mälikguly Berdimuhamedowyň ömür ýollary, durmuş, okuw-usulyýet tejribeleri ýurdumyzyň ähli bilim işgärleri, şol sanda ýaş mugallymlar üçin özboluşly nusgalyk görelde bolmalydyr.
Maslahatda Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda okatmagyň usullary hakynda gürrüň edildi.