Russiýaly professor-mugallymlar uniwersitetimizde myhmançylykda boldular
605Bilşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň 10-12-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleriniň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara maslahat we sergi geçiriler. Şu mynasybetli, 9-njy oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde halkara çärelere gatnaşmak maksady bilen ýurdumyzda saparda bolýan Russiýa Federasiýasynyň M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň daşky gurşawy dolandyrmak kafedrasynyň professory, geografiýa ylymlarynyň doktory Ýuriý Mazurowyň, fiziki himiýa kafedrasynyň dosenti, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Oksana Ryžowanyň, şeýle hem W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň halkara işler boýunça prorektory, psihologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent Angelina Fadinanyň gatnaşmagynda «Medeni miras: geçmişden geljege» ÝUNESKO kafedrasynyň agzalary bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky ylym-bilim babatdaky halkara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alşyldy. Duşuşykdan soňra Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda Ýuriý Mazurow «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde bilimiň esasy orny», Oksana Ryžowa «Himiýany okatmak usulyýetiniň häzirki zaman ýörelgeleri», Angelina Fadina «Talyplaryň akyl ýetiriş ukyplaryny ösdürmek» atly temalardan umumy okuw sapaklaryny geçdiler. Umumy okuw sapaklary işjeň ýagdaýda geçip, olaryň dowamynda professor-mugallymlar, talyplar degişli mowzuklarda özlerini gyzyklandyrýan meseleler boýunça sowal-jogap alyşdylar.
Uniwersitetimizde myhmançylykda bolan degişli daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary bu ýerde talyplaryň oňat okamagy, ylmy gözlegleri alyp barmagy, döredijilik hem sport bilen meşgullanmagy üçin döredilen amatly şertlere ýokary baha berdiler.