KÖPUGURLY FORUM BILIM ÖZGERTMELERINI AÇYP GÖRKEZMEKDE AMATLY MEÝDANÇA

568

10 — 12-nji oktýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleriniň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we onuň çäklerindäki ylmy maslahat üstünlikli dowam edýär.
Ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşygy bolan üç ulgamynyň gazananlaryny açyp görkezýän forum köpugurlylygy bilen tapawutlanyp, onda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň diwarlygyna hem aýratyn orun degişlidir. Ýokary okuw mekdebiniň pawilýonynda uniwersitetde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, ylmy-gözleg, sport hem döredijilik işleri bilen içgin tanyşmak mümkin. Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň onlarça ýokary okuw mekdeplerini özünde jemlän gözden geçirilişe gatnaşýan myhmanlar 90 ýyldan gowrak taryhy bolan baýry uniwersitetiň ýeten sepgitlerine, halkara hyzmatdaşlyk gazanan üstünliklerine, onda talyplar üçin döredilen mümkinçiliklere, ýokary baha berýärler.
Ýeri gelende bellesek, sergi bilen ugurdaşlykda geçirilýän ylmy maslahata hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary işjeň gatnaşýarlar.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30