HALKARA BILIM HYZMATDAŞLYGYNDA NETIJELI DUŞUŞYK

581

13-nji oktýabrynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Russiýa Federasiýasynyň M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň professory, geografiýa ylymlarynyň doktory Ý.L.Mazurowyň, fizika himiýa kafedrasynyň dosenti, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Oksana Ryžowanyň, W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň halkara işler boýunça prorektory, psihologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent Angelina Fadinanyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, olar 10 — 12-nji oktýabrda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň öňüsyrasynda hem ýokarda ady agzalan alymlar ýokary okuw mekdebimizde myhman bolupdylar.
Şu gezekki duşuşyk-da taraplar üçin ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky ylym-bilim babatdaky halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde ähmiýetli boldy.
Duşuşygyň başyndaky söhbetdeşlikde dosent O.Ryžowa uniwersitetde geçirilýän himiýa boýunça II Halkara internet olimpiadasyna emin agza hökmünde gatnaşmak teklip edildi. Şeýle hem Moskwa döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň olimpiada gatnaşmaklaryna ýardam etmek, pedagogika, himiýa derslerini okatmagyň häzirki zaman çemeleşmelerini taýýarlamak baradaky meselelere seredildi.
Doktor Ý.Mazurow bilen söhbetdeşlikde «Klimatyň bütindünýä möçberinde üýtgemeginiň adamyň ýaşaýyş işjeňligine täsiri», «Tebigy baýlyklary toplumlaýyn we rejeli peýdalanmagyň ýollary» atly temalar boýunça pikir alşyldy. Şonuň bilen bir hatarda, myhman uniwersitetiň özboluşly häsiýetdäki geologiýa muzeýine baryp gördi we bu ýerdäki gymmatlyklar bilen tanşyp, olaryň öwrenilişine ýokary baha berdi.
Dosent Angelina Fadina biologiýa fakultetiniň mugallymlary bilen okuw meýilnamasy, okuw maksatnamalary, iş maksatnamalary we olaryň düzümi dogrusynda gürrüňdeş boldy. Hususan-da, myhman W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň pedagogika, bilim, sungat, hyzmat ediş we medeniýet fakultetinde hereket edýän Pedagogik işgärleriň hünärmen ussatlygyny üznüksiz ýokarlandyrmak merkeziniň işi bilen tanyşdyrdy. Ol Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň hünärini ýokarlandyrmak, tejribe alyşmak maksady bilen degişli merkeziň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatynda öz tekliplerini aýtdy. Soňra degişli merkezdäki «Ýaşlar we ilatyň sosial taýdan goragsyz gatlagy bilen iş geçirmegiň» ylmy laboratoriýasynyň işi bilen bagly sowal-jogaplara giňden orun berildi.
Myhmanlar köpugurly halkara forumyň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen duşuşyklaryň örän netijeli häsiýete eýe bolandygyny nygtap, olara gatnaşmaga döredilen mümkinçilikler üçin hoşallyk bildirdiler.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30