«Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi
899Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyplar bilen «Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa uniwersitetiň bu hünärindäki çeper we žurnalistik döredijilik bilen meşgullanýan talyp ýaşlary, ugurdaş kafedralaryň professor-mugallymlary gatnaşdylar. Ýurdumyzyň baýry neşirleriniň ýolbaşçylary — «Garagum» žurnalynyň baş redaktory S.Şaýymow, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory R.Gylyjow, şeýle hem halypa ýazyjy we publisist, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy G.Orazgulyýew döredijilik duşuşygynyň myhmanlary boldular.
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan duşuşykda, ilki bilen, tejribeli žurnalistler bolan myhmanlaryň çykyşlaryna uly orun berildi. Çykyşlarda şahyr ýürekli Arkadagymyzyň döredijiliginde Magtymguly Pyragynyň şahsyýetiniň, mirasynyň we hormat-sarpasynyň belende göterilişi, edebi we publisistik eserleriň mazmuny, olary ýazmakda göz öňünde tutulmaly maglumatlar, deliller hem-de özboluşly usullar dogrusynda aýratyn durlup geçildi. Bu žanrlaryň häzirki döwürde metbugat neşirlerindäki orny, aýratyn-da ony ýazmak babatda ýaşlaryň bilim we döredijilik taýýarlygy maslahatlaşylan ugurlaryň biri boldy. Ýeri gelende, myhmanlar ýaş žurnalistlere gazet-žurnallar bilen ýygjam aragatnaşygy alyp barmak bilen, amaly taýýarlyklaryny ýokarlandyrmagy, redaksiýalarda tejribeli žurnalistlerden teksti redaktirlemek işiniň inçe usullaryny öwrenmegi maslahat berdiler.
Çykyşlaryň arasynda talyplaryň ýerine ýetirmeginde Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy», söz ussadynyň «Türkmeniň», «Bu gün», «Oturyp-turşun görüň», «Zor bolar» atly şygyrlarynyň okalmagy duşuşyga aýratyn öwüşgin berdi. Şonuň ýaly-da, döredijilik çäresinde uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylar topary Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlar bilen çykyş etdiler.
Soňra ýaşlar özlerini gyzyklandyran sowallar bilen halypalara ýüzlendiler. Sowal-jogaplarda, hususan-da, Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleriniň, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna görülýän taýýarlyk çäreleriniň metbugat sahypalarynda şöhlelendirilişi, döredijiligiň dürli ugurlary boýunça halypalaryň ýaşlara maslahatlary öz beýanyny tapdy.