Mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

1404

28-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň X-XI synp okuwçylarynyň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik we çeper okaýyş bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
«Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ýol kartasyna» laýyklykda, şeýle hem Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň hem-de Arkadag şäheriniň her birinden mekdep okuwçylarynyň 3-si gatnaşdy.
Turuwbaşdan bäsleşige gatnaşýan mekdep okuwçylary bilen uniwersitetiň Magtymguly, Arheologiýa we etnografiýa, Zoologiýa, Geologiýa-mineralogiýa muzeýlerine gezelenç guraldy. Onda okuwçylara muzeýlerdäki gymmatlyklar barada professor-mugallymlar tarapyndan giňişleýin maglumatlar berildi.
Soňra jemleýji bäsleşik öz işine başlady. Onuň şertlerine laýyklykda, okuwçylaryň her biri iki sany goşgy, ýagny Magtymguly Pyragynyň bir goşgusyny hem-de okuwçynyň özüniň Magtymguly Pyragy barada ýazan bir goşgusyny ýatdan we labyzly aýtmak boýunça çykyş etdiler. Olara bu şertler boýunça talaplar şygryň sözlerini dogry we doly manysyny ýüze çykaryp aýtmakdan, artistlik ukyplaryny – hyjuwlylygy, temperamenti görkezmekden, ses, hereket arkaly keşp döretmekden ybarat boldy. Şonuň ýaly-da, şertler ýerine ýetirilende bäsdeşler öz çykyşlarynda sahnalaşdyrylan görnüşleri we wideoşekilleri-de görkezdiler.
Şeýlelik-de, eminleriň beren utuklary boýunça ýokary netije gazananlar yglan edildi. Ýeňijiler Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektorlygynyň diplomlary, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30