«Şähryslam» taryhy-medeni ýadygärligine okuw gezelenji guraldy

631

Ýakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh we arheologiýa hünärleriniň hünär tejribeligini geçýän 5-nji ýyl talyplary ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary bilen Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çägindäki «Şähryslam» taryhy-medeni ýadygärliginde okuw gezelenjinde boldular.
Okuw gezelenjiniň dowamynda talyp ýaşlar alymlaryň alyp barýan ylmy-barlag işleriniň esasy ugurlary, arheologik gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň, ýadygärligi öwrenmegiň usulyýeti bilen ýakyndan tanyşdylar, özleriniň nazaryýetde alan bilimlerini meýdan şertlerinde amaly esasda berkitdiler.
Arheolog alymlar, professor-mugallymlar talyplara Şähryslam ýadygärliginiň taryhy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Talyplar bu ýerde saklanyp galan we dikeldiş işleri geçirilen binagärlik ýadygärlikleri, suw saklamaga niýetlenen sardoblar, olaryň gurluş aýratynlyklary barada täze maglumatlary öwrendiler.

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30